BIZE YAZYARLAR

Ýazgyt

   ***
Iki ýyl diýende Gülsere hamyla boldy we aş saýlamaga başlady. Her gün diýen ýaly, Perhat işden gaýdyşyn Gülserä dürli-dümen miweleri getirip bererdi. Dokuz aý geçenden soň, bu maşgalada hem çaga sesi ýaňlandy. Ata-babalarymyzdan gelýän “Çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar” diýlişi ýaly, täze doglan bäbek jähennem odunda ýanýan maşgalany jennete öwürdi. Gülsere bilen Perhatyň begenjiniň çägi ýokdy. Perhat bäbegi ilkinji gören wagty, onuň gözlerinden guwanç ýaşy geldi. Perhat gaýyn atasy, gaýyn enesi bilen maslahatlaşyp, “Hemişe mert, batyr, gaýratly bolsun!” diýen maksat bilen bäbege Merdan diýip at dakdylar. Gadymdan gelýän “ Çaga eziz, edebi ondanam eziz” ýa-da “Çagany-ýaşdan, edebi başdan” diýlişi ýaly, Perhat bilen Gülsere Merdanyň bäbekliginden terbiýesi bilen meşgullanyp başladylar. Ýolbars aganyň hem ilkinji agtygy bolandan soň, ýaňy doglan bäbege mähri siňdi. Ol dört-bäş aý diýen ýaly içgilikden ýüz öwrüpdi emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Aradan gün geçdi, aý geçdi Merdan bir ýaşa doldy. Perhat öýünde öz perzendiniň saç toýuny belläp berdi. Saç toýa Gülseräniň ata-enesi, Medet we beýleki kowum-gardaşlary, şol bir hatarda Perhadyň hem garyndaşlary geldiler. Olar Merdanyň saglygy üçin, ýürekdäki beslän arzuwlaryny etdiler, tost göterdiler, saçakdaky goýlan naz-nygmatlardan iýdiler. Toý gutarandan soň, jemende öýli-öýüne dargadylar. Garaz, saç toý Perhadyň göwnündäki ýaly boldy.

dowamy bar….

BARATOWA Zyýada,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby