***
Gülserä täze maşgala öwrenişmek örän kyn boldy. Ol günde irden turup, howlyny süpürýärdi, suw sepýärdi, ertirlik taýynlaýardy, agyldaky ýatan mallaryň iýmini berip, olary pada ugradýardy. Umuman, gün uzyn hojalygyň işleri bilen başagaýdy. Perhat günuzyn işdedi. Sapargül hem günde işe hassahana gidýärdi. Öýüne irräk gelip, gelnine öý işlerine kömek ederdi. Günde bularyň gün-güzerany şeýle ýagdaýda geçerdi. Şeýdip, aradan birnäçe wagt geçdi. Sapargül bu dünýä bilen hoşlaşmaly boldy. Onuň ýüregi tarpa-taýyn durdy oturyberdi. Hatda oňa agtyk görmek, agtygyň ýyly mährinden datmak nesip etmedi. Bu agyr ýitgi Perhada, Gülserä örän agyr degdi. Sapargül daýza Gülserä edil ejesi ýaly bolupdy, oňa öwrenişipdi, hat-da olar biri-biri bilen syrdaşdy. Emma Sapargüliň ýoldaşy Ýolbars aga bu agyr ýitgi täsir etmedi. Sebäbi Ýolbars aganyň maşgalasy bilen hem işi ýokdy, hat-da aýalynam biparhdy.
Sapargüliň ýoldaşynyň adyna Ýolbars diýerdiler. Ol gaharjaň, görip, içigara, bahyl adamdy. Ol günde diýen ýaly mes halda, aýak üstünde durup bilmän öýe gelerdi. Gele-gelmäne öýdäkilerine azar berip, bahana tapyp, aýalyny urardy. Şonuň üçin Sapargül Ýolbars aga näçe ýaman bolsa-da, emma onuň bilen ýaşaşmak üçin göreşerdi. Sebäbi indi aýrylyşjak bolsa-da bolanok. Eýýäm çagalary ýetişen, gelin edinmeli, gyz göçürmeli adam. Şol sebäpli Sapargül birnäçe ýyllap bu ýagdaýa dişin gysyp geldi. Bu agyr hasratlara döz gelip bilmän, Sapargül bu pany dünýä bilen hoşlaşyp, baky dünýä rowana boldy. Meýidiň patasyna dumly-duşdan adam bary geldi. Sebäbi Sapargüliň obasynda-da, işinde-de abraýy juda belentdi. Bu agyr hasrata döz gelip bilmedik Perhat, onuň aýaly Gülsere, Sapargüliň kowum-gardaşlary dad-u-perýat edip aglaşýardylar. Bu agy ses obanyň başyna çenli eşidilýärdi. Şeýle gowy ynsanyň bu dünýä bilen hoşlaşmagy bütin märekedäki adamlara örän agyr degdi. Hat-da, Bagdagül ýakyn jorasynyň amanadyny tabşyrandygyna hiç hili ynananokdy. Bu agyr dertden Bagdagül örän jebir çekdi. Ýedi günden soň, märeke öýli-öýüne dargady. Şol günden bäri Perhatda, Gülserede, kowum-garyndaşlarynda-da Ýolbarsa bolan ýigrenç döredi. Sebäbi merhumyň ölümine Ýolbars sebäpkärdi. Eger, Sapargül zulum-sütem görmedik bolsa, belkem bu dünýäden göz ýummazdy. Ýolbars aga eline çakyry alyp, hiç zat bolmadyk ýaly öýüne girip, telewizoryň öňüne geçdi we ony görmäge oturdy.
Sapargül daýzanyň bir gyzy bardy. Onuň adyna Bilbil diýerdiler. Ol häsiýeti boýunça Sapargüle däl-de, Ýolbarsa aga çalym edýärdi. Sapargül bilen Perhat bir ýana, Ýolbars bilen Bilbil bir ýanady. Bilbil gaharjaň, görip, içigara, bahyl gyzdy. Ol entek durmuş gurmadykdy. Ol Perhatdan iki ýaş kiçidi. Bilbil Aşgabatdaky Medeniýet institutynyň ikinji kursunda okaýardy. Bilbil ejesiniň aradan çykanyny eşidip, okuwdan jogap alyp gelipdi. Ol hem kakasynyň ýanyna baryp, Ýolbars aga bilen bilelikde telewizor görmäge oturdy. Biraz wagtdan içeri gürsäp Perhat girdi. Perhat bularyň bolup oturyşyny görüp gazaba atlandy. Ol derrew Bilbile garap:
Seniň bolup oturyşyň näme? Bu bolan zatlardan soňam haýsy ýüz bilen telewizor görüp otyrsyň? Ýene-de özüňi gyzdyryn diýip ýörmüň? Gyz maşgala ejä mähirli bolmazmy? Haýp seniň ýaly gyza!
Bilbil:
Seniň diýýäniň näme maňa? Men näme edeýin onda? Ölen adam bilen goşulyp ölüp bolarmy? Ýakmaýan bolsam men erte okuwa giderin . Özüňiz gelnejem bilen isleýşiňiz ýaly ýaşaberiň.
Perhat gaşlaryny çytyp, gaty ses bilen:
Saňa git diýýän barmy şu wagt? Ejem aradan çykdy. Sen ýasyny tutmaga derek bolup oturyşyňa seret!
Aňyrdan goh-galmagaly eşiden Gülsere içerik girip geldi. Ol Perhady köşeşdirip, daşaryk alyp çykdy. Ýolbars aga bolsa gepläniň peýdasy ýokdy. Oňa bir süýşe arak bolsa ýeterlikdi. Ertesi gün irden Bilbil goş-golamlaryny ýygnap Aşgabada tarap ýol aldy. Birnäçe wagt geçen soň, Perhat hem işe çykdy. Sebäbi işe çykmasa, öýi dolandyrýan hem, öýe pul getirýän hem şoldy. Perhat şäheriň içinde maşyn sürüji bolup işleýärdi. Ol okuwsyz bolandygy sebäpli sürüjilik edip, şondan gün görüp ýördi. Perhat obanyň içindäki orta mekdebi gutarandan soň, Sapargül daýza ogluny okatjakdy, emma Perhadyň okamak arzuwy bolmansoň, okuwdan boýun gaçyrypdy. Öň, Sapargül daýza-da hassahanada göz lukmany bolup işleýän döwri öýe pul getirerdi. Indi, Sapargül daýza amanadyny tabşyrandan soň, durmuşyň agyr ýüki Perhadyň gerdenine düşdi. Ýolbars aga oglunyň getiren pullaryny elinden alyp, diňe gara bokurdagy üçin alkagol içgisini satyn alýardy. Eger, Perhat Ýolbarsyň aýdan puluny getirmese, öýe girizmän başlady. Perhat kakasynyň soran pullaryny gazanmak üçin irden daň bilen gidenden, agşam öýe sagat 10 lara ýadow halda girip gelerdi. Ýolbars aga käwagt öýde çakyr içip, mes halda öýündäkilerine ezýet berse, käwagt bolsa öýden çykyp gidişine melul ýagdaýda özüni bilmän aryklaryň içinde ýatardy. Ony gören daş-töweregindäki adamlar oňa geňirgenip seredýärdiler. Eger tanyş-bilişler görse, bu ýagdaýy derrew Perhada habar ederdiler. Perhat ony öýüne eltip gaýdardy. Ýolbars aga serhoşlykdan açylan wagty Perhat oňa bu ýoldan ýüz öwürmelidigini gaýta-gaýta tekrarlaýardy. Gynansakda, munuň peýdasy ýok. Umuman, Ýolbarsyň durmuşy şeýle geçerdi.
dowamy bar….
BARATOWA Zyýada,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby

