BIZE YAZYARLAR

Ýazgyt

                                                                                       ***
Aradan birnäçe wagt geçdi. Toýuň sähedi sentýabr aýynyň 13-ne bellenildi. Şol günden bäri Bagdagül hem, Sapargül hem toýuň aladalary bilen başagaýdylar. Toýuň ýakynlaşdygy saýyn Gülseräni birzatlar howsala salýardy. Ol gorkýardy. Nätanyş maşgalada nähili ýaşajagyny, olara nähili öwrenişjekdigi barasynda aladalanýardy. Bu günler her bir gyzyň başynda bar. Her bir gyz toýuň öňsyrasy tolgunýar, aladalanýar, gynanýar. Emma wagtyň geçmegi bilen öwrenişýär. Her bir maşgalada uruş-da, dawa-da, hat-da döz gelip bilmejek agyr synaglar hem bolýar. Ýöne, şol synaglara döz gelmek gerek. Şonda, maşgala berk we bütin bolýar. Gülsere bolsa sabyrly, çydamly gyz. Ol durmuşda gelýän agyr kynçylyklaryň ählisine döz gelip biler.
Ynha, garaşylýan tolgundyryjy pursat hem ýetip geldi. Gülsere egnine gyzyl ketenini geýdi, şar gara saçlaryny ördi, şaý-seplerini dakyndy. Daş töweregini gurşap alan biri-birinden owadan gyzlar Gülseräniň egnine kürtäni atdylar. Bu owadanlyk Gülseräniň görküne has-da görk goşdy. Biraz salymdan soň, gelnalyjy gelip, Gülseräni gyzlyk öýünden alyp gitdi. Gülseräniň gözünden akýan damja göz ýaşynyň yzy üzülmeýärdi. Ol gyzlyk öýi bilen hoşlaşanda göz ýaşlary edil sil kimin akdy. Gülsere öýden çykyp barýarka, Çary aga gyzyna ak pata berdi we iki ýaş juwany bagt ýoluna ugratdy. Garaz, toý Sapargüliň arzuw edişi ýaly boldy. Gülseräniň durmuşyndaky garşylyklar, kynçylyklar şundan soň başlady.

dowamy bar……

BARATOWA Zyýada,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby