***
Düýn Seýran Jemiläniň ýanynda galdy, öýüne gelmedi. Ol Seýranyň Jemiläniň ýanyna gidendigini bilýärdi. Emma, bu agyr ýitgä çydap bilmän Bilbil gijesi bilen aglady, gözleri çişip, çym-gyzyl boldy. Ol Seýrana ençeme gezek jaň edipdi, ýöne Seýran onuň ýekeje jaňyna-da jogap bermedi. Bilbil üçin her bir minut edil sagat kibi geçdi. Bu günki geçen gije Seýrana ýyllar boýy garaşan ýaly boldy. Ir bilen Seýran öýüne geldi. Bilbil öz jaýyndan çykman, bir burçda aglap otyrdy. Seýran hiç zat bolmadyk ýaly, otaga girdi we Bilbile garap:
– Saňa näme boldy, näme üçin burçda otyrsyň? Gözleriňde-de hiç hili bagt uçguny görnenok?
Bu sözleri eşiden Bilbil has-da gazaba atlandy:
– Gije nirdediň? Ýene-de şol heleýiň ýanyna gitdiňmi? Men bu ýerde nähili ýagdaýa düşenimi bilýärmiň?
Seýran ýylgyrymjyrap oturşyna:
– Men Jemiläniň ýanynda däldim, işdedim. Işlerim köplüginden nähili daň atanynam bilmän galypdyryn.
Bilbil gözünden gelýän damja ýaşlary süpürişine:
– Aldamaga çaga ýagşy diýýärler, deýýus. Men ol ýaşdan bireýýäm geçdim. Nireden gelýändigiňi özüm gowy bilýärin.
Bilbiliň aýdan sögünç sözüne Seýranyň gahary geldi we oňa garap:
– Eý, heleý näme diýýändigiňi gulagyň eşidýärmi? Ýoldaşyň bilen neneň äheňde gepleşmelidigini öwretmedilermi saňa! Meniň nireden gelýändigimi bilýän bolsaň näme üçin menden soraýaň. “Howwa” şonuň ýanyndan gelýän!
Bilbil oturan ýerinden turup, Seýrana golaý ýöräp gelşine, sesine bat berip:
– Sen utanmanam şonuň ýanyndan gelýän diýýäňmi? Sen köçede gyzlar bilen keýpi-sapa edip gelýäň, men bolsa öýde bir ahwal bolup otyrn. Maşgalaň, aýalyň bardygy ýadyňdan çykdymy? Aýalym öýde “näme etýändir, nähili ýagdaýda oturandyr” gyzykly dälmi saňa!
Seýran oňa agzyndan ak tüýküligini saçyp:
– Sesiňi gataltman geple maňa! Men seni däl Jemiläni söýýän. Muny öňem aýtdym saňa. Sen öýde näme edip, nähili ýagdaýda oturyşyň maňa gyzykly däl!
Bilbil muny eşidip, üstünden gaýnak suw dökülen ýaly boldy. Ol Seýranyň üstüne topulyp:
– Ýerçeken, men saňa ynanyp, gül ýaly durmuşymy dowzaha öwürdim. Seniň bilen ýaşan her bir günüme ökünýän diýip, Seýranyň ýüzüne şarpyk çaldy.
Seýranyň gahardan ýaňy içini köz oklanana döndürdi, ol bar güýjüni işledip, Bilbili ýumrugy bilen urdy welin, Bilbil özüni bilmän ýerde ýatdy. Ol Bilbiliň huşundan gidendigine seretmezden, aýagy bilen depmegini dowam etdi. Birden Seýran bilmezlikden ony gaty depdäm şoldy welin, urgy baryp Bilbiliň jan damaryna degdi. Bilbiliň şol taýda jany üzüldi.
dowamy bar…
BARATOWA Zyýada,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby.
