Ýaz ekişi barada nakyllar
- Ýandak sere — tohum ýere, mirap — suwa, kök — yzgara.
- Gyş gamyny ýaz iý, ýatar garna az iý.
- Sowurda suwar, jöwzada ek!
- Ýylyň gelşi nowruzyndan belli.
- Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş.
- Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda.
- It ýyly ek, doňuz ýyly or.
- Ir eken harman alar, giç eken — arman.
- Gülşende gül biter, şor ýerde şora.
- Ýeriňe bitse ýandak, ekiniň bolar hondak, ýeriňe bitse gyzgan, ekiniň bolar dyzman, ýeriňe bitse akbaş, ekiniň bolar puk baş.
- Gördüň ýazyň dokuzy, al-da çyk, goşa öküzi.
- Gün bar — bir teňňelik, gün bar — müň tyllalyk.
- Gün otagalasa — günlük, Aý agyllasa — aýlyk.
- Bir günden bahar bolmaz.
- Ýelemik aýazdan, ýedi günki boragan.
- Ir ekseň doň alar, giç ekseň ýer gurar.
Baýramow Daýanç Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby