Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen Arkadag şäheri durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri şäher gurluşygynyň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Dabaraly açylan wagtyndan bäri geçen üç ýylyň dowamynda Arkadag şäheri “akylly” şähergurluşyk maksatnamasy ulgamynda ýokary görkezijilerini, innowasion mümkinçiliklerini we ekologiýa derejesini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalar hem-de baýraklar bilen sylaglanyldy. Geçen ýyl bu şäher Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy. Mundan başga-da, oňa Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil babatda “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesi berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde-de ykrar edilen “akylly” şäher hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy. Ýörite işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi işiň bökdençsiz alnyp barylmagyny şertlendirýär we dolandyrylýan ähli enjamlaryň aýratynlyklary barada anyk maglumatlary hödürleýär.
Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra hem aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň, Hytaýyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Döwrebap şäheriň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmek babatda zerur bolan toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi. Hususan-da, daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygy gazanmak üçin şäheriň köçelerinde we daş-töwereginde köp sanly bag nahallary oturdyldy.
Arkadag şäherinde halkara ölçeglere, ekologik talaplara laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi döredildi. Giň şaýollar, köçeler häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Täze şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine nobatdaky iş saparynyň dowamynda täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli, aragatnaşyk we internet ulgamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berendigini bellemek gerek. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmekde, emeli aňyň mümkinçiliklerini ýola goýmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Ekologik taýdan arassa Arkadag şäherinde elektrobuslar we elektromobiller, “akylly” duralgalar hereket edýär. Bu ýerde adybir teleýaýlym, gazet, şeýle-de futbol topary döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda şähergurluşyk konsepsiýasy oýlanyşykly esasda, tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, jemgyýetimiziň medeni-ruhy durmuşynyň, aň-paýhas mümkinçilikleriniň derejesini, durmuş ýörelgeleriniň esasyny düzýär.
TEJENOWA Enejan,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
113-nji okuw toparynyň talyby.
