Ekologiýa taýdan arassa ýaşaýşy üpjün etmek, tebigaty goramak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän maksatnamalarynyň esasyny düzýär. Munuň üçin uly möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda edilýän tagallalar hem oňa aýdyň mysallaryň biridir. Bu babatda döwlet Baştutanymyz dünýä nusgalyk syýasaty ýöredýär
Bilim ojaklarynda ýaşlara tebigaty goramagyň, dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýeti hakynda düşünje bermek ugrunda talaba laýyk işler alnyp barylýar. Ders sapaklarynda bu mesele hemişe ileri tutulýar. Bulardan başga-da obalary we şäherleri gür baglyga, gülzarlyga büremek ugrunda ýaýbaňlandyrylýan işlere işjeň gatnaşýarys. Mekdebimiziň okuw-tejribe meýdançanda senuber, tuýa agaçlarynyň we köpýyllyk gülleriň nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Geçirilýän ýowarlara ýokary synp okuwçylary işjeň gatnaşyp, möhüm işe özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Biz olara bagbançylygyň inçe tilsimlerini hem öwredýäris.
Adamyň dem alýan howasynyň arassalygy ýaşyl ösümlikleriň köp bolmagy bilen gönüden-göni baglydyr. Baglar bolsa bolçulygyň, daş-töweregiň owadanlygynyň, şeýle-de bütin barlygyň, ilkinji nobatda bolsa, adamlaryň sagdyn ýaşamagynyň esasyny düzýär. Şol sebäpli biz ösüp gelýän ýaş nesle bu ugurdan döwrebap bilim berýäris. Bu bolsa abadan geljegimiz üçin çynlakaý alada etmäge ukyply, tebigaty söýýän, ony goramaga işjeň gatnaşýan nesli kemala getirmäge mümkinçilik berýär.
Mamahal HEMRAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň ýaşaýyş-durmuş esaslary mugallymy.

