Berkarar döwletiň täze Galkynyşy döwründe häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda taryhy ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik işleriň netijesinde ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine ýetip, bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Mähriban halkymyz ýurdumyzda geçiriljek Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine, hemişelik
Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler bilen barýar.
Ata-babalarymyz il sylagly ýaşulular bilen maslahat gurup, jemgyýetiň möhüm meselelerini çözmäge uly üns beripdirler. Bu däpler häzirki döwürde hem dowam edip, döwletli işleriň halkyň gatnaşmagynda çözülmegine giň mümkinçilikler döredýär. Täze taryhy döwürde halk häkimýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek ugrunda möhüm ädimler ädilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň giňden goldaw
etdirilmegi, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň pikiriniň hasaba alynmagy hem halk bähbitleriniň göz öňünde tutulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bu ýol döwletimiziň we jemgyýetimiziň gülläp ösüşine, il-ýurt bähbitli çäzgütleriň adalatly we netijeli kabul edilmegine
hyzmat edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda hereket edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütler her bir adama täsirini ýetirip, ruhubelentlik paýlaýar. Halk Maslahatynyň düzümi barada aýdanymyzda, onuň gerimini, durmuşyň ähli ugurlaryndan wekilleriniň bardygyny buýsanç bilen belläp geçmelidiris. Ýurdumyzda Halk Maslahaty hakynda Konstitusion kanun hereket edýär. Şol kanunyň maddalarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüm birligi, ýerine ýetirýän işleri, durmuşdaky orny baradaky ähli zatlar öz beýanyny tapýar.
Milli däp-dessurlarymyza eýerýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, bu umumymilli
forumyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat işleri, dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şunda dürli duşuşyklar, maslahatlar geçirilýär, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlar edilip, paýtagtymyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ylym-bilim ojaklarynda bilim alýan ýaşlaryň arasynda alnyp
barylýan wagyz-nesihat duşuşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, bu taryhy foruma biziň welaýatymyzda, şol sanda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem uludan taýýarlyk görülýär. Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýaşlar baradaky mesele esasy orunlaryň birini eýeleýär. Hut şonuň üçinem bilim ojagymyzyň talyp ýaşlary bu taryhy Maslahatyň mejlisiniň çözgütlerini öwrenmek, wagyz etmek we durmuşa geçirmek boýunça häzirden taýýarlyk işlerini alyp barýarlar.
Merjen AHMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby.
