TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýaşulular geňeşiniň lebaply wekili Milli Lidere hoşallyk bildirdi

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Mejlisiň çäginde Lebap welaýatyna wekilçilik edýän E.Talipow çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, şu ýylda ýurdumyzda uly işler amala aşyryldy. Birnäçe möhüm taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Lebap sement zawodyny hem-de beýleki desgalary görkezmek bolar. Pursatdan peýdalanyp, E.Talipow Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerini halkymyzyň arasynda wagyz etmekde
yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: