Ýaşlaryň wekilleri Türkmenabatdaky ÝUNESKO burçy bilen tanyşdylar
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde döredilen ÝUNESKO burçuna bolan gyzyklanma barha artýar. Düýn bu ýere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň işjeň agzalary gelip gördüler.
Muzeý işgärleri ýaşlaryň wekillerine burç barada gürrüň berdiler. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu burç dünýäde ÝUNESKO tarapyndan döredilen ikinji burçdur. Onda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň başlangyjy ýa-da awtordaşlygy bilen girizilen gymmatlyklar barada maglumat berilýär.
Gezelençden soňra muzeýiň mejlisler zalynda maslahat hem geçirildi. Onda çykyş edenler ÝUNESKO burçunyň ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýtdylar.