Ýaşlaryň saglygy – bagtyýar geljegiň kepili
Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatda ýaş nesillerde sagdynlyk endiklerini gazanmak maksady bilen “Saglygyň gadyryny bilgil, hasta bolmazdan burun!” ady bilen çäre geçirildi. Şeýle-de çäredäki saglygy beýan edýän sergi hem uly aýratynlyga eýe boldy.
Çärede edilen çykyşlarda hem bellenişi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa
ornaşdyrmakda hormatly Prezidentimiz uly tagalla edýär. Diýarymyzda
raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek we goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini
yzygiderli ýokarlandyrmak, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak boýunça örän uly
işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, her
birimiziň sagdynlyk endiklerine eýermegimiz mukaddes borçdyr. Ýagny zyýanly
endiklerden daşda durup, tersine sport, bedenterbiýe bilen yzygiderli
meşgullanmak saglygymyzy goramakdyr we sagdyn gelejegiň ýagty ýoludyr. Şeýle-
de sagdyn iýmitlenmegi ýola goýmaly. Ýagny wagtly-wagtynda gerekli içgileri we
köpüräk miwe we bakja önümlerini kabul etmeli.
Çäräniň dowamynda sergide ýaýbaňlandyrylan Gahryman Arkadagymyzyň
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eserlerine aýratyn üns
çekildi. Lukman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserleriniň geljekki ýaş nesiller üçin hem
bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygy bellenilip geçildi. Çünki Gahryman
Arkadagymyzyň köpjiltli kitaplarynyň her bir tomunda dermanlyk ösümlikleriň her
biriniň peýdalygy dogrusynda giňişleýin beýan edilýändigi, ynsan saglygyny
berkitmekde we goramakda uly ähmiýete eýedir.
Çäräniň ahyrynda raýatlarymyzyň, esasan-da ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli bolup
ýetişmekleri ugrunda uly aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza,
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Maral DURDYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň
ýanyndaky internatyň biologiýa mugallymy.