Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenip, belent sepgitleri nazarlaýar. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, Diýarymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmagyň dowam etdirilmelidigini, bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi berýär.
Aslynda, islendik okuwyň hili oýlanyşykly we kämil işlenip taýýarlanylan, usuly taýdan ähmiýetli okuw meýilnamalaryna bagly bolup durýar. Şunda ýaşlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň we amala aşyrylýan taslamalaryň wajyplygyny, türkmen jemgyýetinde döwletiň halk bilen sazlaşykly gatnaşygyny öwretmek möhüm bolup durýar. Şeýle hem býujet-salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça banklaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrmagyň usullaryny, erkin ykdysady zolaklary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri, döwrebap kärhanalary döretmegi, daşary ykdysady aragatnaşygyň häzirki zaman gurluşyny, makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegini, söwda toplumynyň önümçilik kuwwatynyň doly peýdalanylmagyny, Watanymyzyň içeri we daşary syýasat ugruny, hukuk nazaryýetini we kanun çykaryjylyk işini, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy düýpli öwretmek bilen baglanyşykly derwaýys mowzuklar taýýarlygyň degişli ugurlary boýunça bilim meýilnamalarynyň esasyny düzýär.
Türkmenistanyň ýyllyk statistiki neşirinden alnan maglumatlardan görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, bu ugurda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesliň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär, olaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Zehinli ýaşlarymyzyň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň hem-de tejribeleriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli önümçilik pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr.
Ýokary bilim ulgamy kämilleşdirilip, döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, ýylyň-ýylyna täze ugurlar girizilýär. Şunlukda, ýokary hünär biliminiň ylmy binýady hem pugtalandyrylýar. Ýokary hünär bilimi edaralarynyň ylmy merkezlerinde bilim maksatnamalary kämilleşdirilýär, ylym bilen bilimiň arabaglanyşygy berkidilýär. Ýaşlaryň tebigy zehinini we bilime höwesini ösdürmek, olara täze, döwrebap hünärleri düýpli öwretmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin zerur şertleri döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, röwşen geljegi nazarlaýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
HAJYÝEWA Aýgözel,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň 103-nji okuw toparynyň talyby.

