Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramagynda «Milli mirasymyzyň waspy» ady bilen Dargan galasyna gezelenç guraldy.
Dargan galasy Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň çäginde ýerleşip, ata-babalarymyzyň döreden bu ajaýyp şäheriniň esasy galasy oňat saklanypdyr. Galanyň diwarynda goranmak üçin edilen ululy-kiçili atyşhanalar syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Öz döwründe bu şäheriň iki sany derwezesi bolup, olar galanyň gündogar we günbatar taraplarynda çylşyrymly ýagdaýda ýerine ýetirilipdir. Şäher merkezi böleginden, demirgazykdan günorta tarapa uzaýan diwar arkaly iki bölege bölünipdir. Şol diwaryň hem iki ýerinde halk köpçüliginiň gatnamagy üçin ýörite niýetlenen geçelgeler bar. Müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilipdir.
Ýaşlaryň Dargan galasyna gezelenji guraldy

14
Jan