Ýaşlarda ylmy garaýyşlary kemala getirmek
Zehinli, ylma höwesli ýaşlaryň ylmy garaýyşlaryny ösdürmek üçin
ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine
döredijilikli çemeleşmeklerini gazanmak üçin ýurdumyzda ýo kary we orta hünär mekdeplerinde ylmy-usulyýet merkezleri hereket edýär.
Gündogaryň meşhur akyldary Muhammet Gazaly “Ylym adamlaryň ruhlaryny ýaramaz ahlaklardan halas edip, dürs terbiýelemäge, olary ahlaga, bagtyýarlyga ugrykdyrmaga gönükdirilendir” diýip belleýär. Ýaş talyplaryň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologiki ylmy barlaglary döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetimiziň sanly ulgamyny ösdürmekde ähmiýeti uly hasaplanýar.
Ýurdymyzyň ylym bilen meşgullanýan ýaşlarynyň ylmy-döredijilikde
gazanýan üstünlikleri Ata Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine ýardam eder. Belli bolşy ýaly ýurdumyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi, Ýaş alymlar geňeşleri ýaşlary ylmy barlaglaglara, ylmy işleri geçirmäge çekýärler.
Türkmenistanda yglan edilen giň möçberli ylmy özgertmeleriň,
maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bize görelde mekdebi bolup, nusga bolup durýan Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjymyz çäksizdir.
JORAÝEWA Jeren,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby