Ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgeleri ündeldi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramagynda Kerki etrap çörek kärhanasynda «Sagdyn jemgyýet ― kämil döwlet» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Duşuşykda TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Oýdin Aşirowa, TGÝMJ-niň Kerki etrap şahamçasynyň wekili Ýakut Ýoldaşowa we Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, hajy ene Aýnabat Jumaýewa dagylar çykyş etdiler.
Ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak we sanitariýa-arassaçylyk kadalaryny düşündirmek maksady bilen geçirilen ýygnakda çykyş edenler lukmanlaryň maslahatyna eýerip, agyz-burun örtügini dakynmalydygy, 2 metr aralygy saklamalydygy, arassaçylyk kadalaryna berk eýermelidigi, zyýanly endiklerden daşda durmalydygy hem-de yzygiderli sport bilen meşgullanyp durmalydygy barada giňişleýin gürrüňler etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy iň ileri tutulýan ugurlaryň biridigi, şeýle hem, häzirki wagtda ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen düýpli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada durup geçdiler.
Gülşat Jomartowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.