BIZE YAZYARLAR

Ýaşlar – Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” atly täze eýýam, täze döwür başlandy. 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” : Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy kabul edildi. Uzak geljegi nazarlaýan bu strategik Maksatnamada 30 ýylyň dowamynda toplumlaýyn strategiki wezipeleri we maksatlary durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenildi. Milli maksatnamada ähli ugurlarda amala aşyrylmaly işleriň çelgileri bar. Şonuň esasynda hem häzirki wagtda ýurdumyzda ösüşiň täze nusgasy kemala gelýär. Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşiniň täze nusgasynyň üstünlikli hereket etmegini häzirki döwrüň ruhy şertleri we ýokary talaplary esasynda ýetişen ylymly-bilimli ýaşlaryň, hünärmenleriň täze nesli bilen baglanyşdyrýar. Şol nukdaýnazardan, täze syýasy we ykdysady ugur ýaşlara ylym-bilim bermäge, olary başarnykly hünärmen edip ýetişdirmäge, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilýär. Bu bolsa ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr hem-de olaryň başarjaň adamlar bolup ýetişmeginiň esasy şertidir.     

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda täze şertlerde ýaşlaryň öňünde durýan wezipeleri aýdyň kesgitläp, olaryň eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde çykyş edýändigini, ýaş nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolmalydygyny belledi. Ýaşlar barada edilýän alada hem-de olara bildirilýän ynam ýaş nesliň ýurduň geljekgi ösüşi bilen baglanyşykly köp taraply wezipeleri öz üstüne alyp bilýän başarnykly hünärmenler bolup ýetişmegi üpjün etmegi nazarlaýar. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hukuk esaslary anyk kesgitlenildi.

Türkmenistan döwletimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamyna öz başarnygy we hünäri bilen jogap bermek her bir ýaş hünärmen üçin zerurdyr. Ýaşlara bildirilýän ynam ýaş nesle ylym-bilim, terbiýe berýän, olary durmuşa taýýarlaýan mugallymlara hem degişlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesilde berkarar döwletimize bolan beýik buýsanjy we çuňňur söýgini ösdürmek maksady bilen, 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrmak barada  2022-nji 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary kabul edildi. Ýaşlara döwrüň talaplaryna laýyk bilim bermek, hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet düzgünlerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek  hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ähli özgertmeleriniň özenini düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň yokary dowlet wezipesine girişmegi mynasybetli gecirilen dabarada eden taryhy cykyşynda: «Milli bilim ulgamyny kamilleşdirmek, yokary ylmy mumkinciligi bolan giň gozyetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiyalary dolandyrmaga ukyply, yokary hunarli, tayyarlykly yaşlary terbiyelap yetişdirmek boyunca ahli tagallalar ediler» diyip, ayratyn bellap gecmegi yaşlar baradaky ahli taraplayyn aladanyň Türkmenistanyň dowlet syyasatynyň ileri tutulyan ugrudygyny tassyklady. «Berkarar döwletiň täze eyyamynyň Galkynyşy: Turkmenistany 2022 — 2052-nji yyllarda durmuş-ykdysady taydan osdurmegiň Milli maksatnamasynda», «Turkmenistanda yaşlar baradaky dowlet syyasatynyň 2021 — 2025-nji yyllar ucin Döwlet maksatnamasynda», 2022-nji yylyň 1-nji sentyabrynda kabul edilen «Yaşlar barada döwlet syyasaty hakynda» Turkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde yurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyyetcilik-syyasy we medeni durmuşynda yaşlaryň ornuny artdyrmak we gazanylyan ösüşlere olaryň goşantlaryny goşup bilmekleri ucin zerur bolan ähli mümkincilikleri döretmek babatynda anyk wezipeleriň kesgitlenilmegi halkara zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyply yaş nesilleri ustunlikli yetişdirmekligi şertlendiryar.

Hormatly Prezidentimiz  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: “Häzirki wagtda ýaşlara “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläkde yzygiderli geçireris” diýip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemegiň möhüm wezipeleri hakynda nygtap geçdi.

Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna, millilige hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň: «Ylym we bilim jemgyyetiň hem-de döwletiň hemmetaraplayyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binyadydyr» diýip, belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlaryň  häzirki zaman ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegi gazanylýar. Bilim ulgamy innowasion tehnologiýalar, dünýä tejribesi, bilim portallary, täze usulyýet esaslary bilen baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokary, mazmunynyň baý we döwrebap bolmagyny üpjün etmäge ýardam edýär hem-de pedagogik işgärlerini okuw we terbiýeçilik işlerini döwrebap  guramaga, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratly, yhlasly, ak ýürekden halal zähmet çekmäge borçlandyrýar.

Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz özüniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda  “Iň gadymy miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym, bilim” diýip belleýär. “Ömrümiň manysy”  atly kitabynda “Hünär meselesi – adamyň  ykbaly. Ykballar birleşip halkymyzyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa  ýurduň, döwletiň ykbalydyr “ diýip belleýär.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Türkmeniň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen ýörelgesini dowam etdiriji “Watan – halky bilen Watandyr”, “Döwlet-diňe halky bilen döwletdir” diýen ýol-ýörelgäni öňe sürýän  hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň  taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda bilim kadalarynyň kämilleşleşdirilmegi babatynda, okatmakda sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, uzak aralykdan bilim berilmegi we maglumat alşylmagy doly ýola goýmak, bilim maksatnamalarynda uzak aralykdan ders okatmagyň kadalaryny girizmek, mugallymçylyk tärlerini  kämilleşdirmeklik işleri meýilleşdirilýär.

«Berkarar döwletiň täze eyyamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji yyllarda durmuş-ykdysady taydan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, orta möhletleýin döwürde ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim edaralarynyň elýeterliligini üpjün etmek we sebitleýin gurluşy kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu edaralaryň ösüşi goşmaça  we ýörite bilim berýän hususy eýeçilikdäki mekdebe çenli edaralarynyň, merkezleriniň işe girizilmegi bilen bagly bolýar.

Häzirki wagtda ähli ýokary we orta hünär bilim edaralarynyň sanly bilim portallary we Web saýtlary işe girizildi.

Milli bilim ulgamynda geljek 30 ýylda  halkara derejelerine laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek boýunça yzygiderli alnyp barylmaly işler bilen bir hatarda :

– Aşgabat şäherinde we welaýatlarda umumy bilim berýän mekdep-gimnaziýalaryny tapgyrlaýyn açmak we gerimini giňeltmek;

-Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde nono, bio, info tehnologiýalar, robot tehnikasy boýunça okuwçylara goşmaça bilim berýän tehnologiýa parklarynyň toruny döretmek;

-Aşgabat şäherinde we welaýatlarda dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän ýokary hünär bilim edaralarynyň şahamçalaryny açmak;

– Mugallymçylyk orta hünär bilimi edaralarynyň hukuk derejesini üýtgedip, olary ýokary hünär bilimi edaralaryna tapgyrlaýyn öwürmek meýilleşdirilýär.

Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar üçin edýän aladalaryndan ruhlanýan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary ösüp gelýän ýaş nesle bilim bermekde, olary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, millilik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen okuw usulyýet, terbiýeçilik meselelerine bagyşlanan mekdebiň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan usuly birleşmeleriň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň meýilnamasyna laýyklykda  dabaraly çäreleri, amaly maslahatlary, terbiýeçilik temalarynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Mekdebimiziň “Ykdysady  hünärler we takyk dersler” usuly birleşmesiniň hem-de ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda “Millilik – nesil terbiýesiniň özenidir”, “Gyz edebi – il edebi”, “Türkmenistanyň Gahryman zenanlary”  ady bilen talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biz mugallymlar  2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” bilim ulgamynda amala aşyrýan bilim özgertmelerini, kabul edilýän kanunlary, kararlaryny, durmuşa geçirmekde, talyp ýaşlary watansöýüjilik , zähmetsöýerlik, millilik, ýokary ahlaklylyk  ruhynda terbiýelemekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Türkmeniň Milli Lideri, Türkmenistnayň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň  “Döwlet adam üçindir”  diýen ýörelgesini dowam etdiriji  “Watan – halky bilen Watandyr”, “Döwlet-diňe halky bilen döwletdir” diýen ýol-ýörelgäni öňe sürýän  hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp  içeri we daşary syýasaty mundan beýläk hem dabaralansyn!     

 

Nigara AMANOWA “Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň                                                Türkmenabat şäherindäki  tehniki orta hünär okuw mekdebiniň                                  mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň başlygy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: