Ýaşlar röwşen geljegimizdir
Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medenýetiniň
gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine hem mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna
gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Ýaş nesiller sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna sowgat beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapýar.
Türkmen ýaşlary saýlap alan hünäri boýunça ýurdymyzda hereket edýän orta hünär okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim almak hem-de zähmet endiklerini ösdürmek üçin zerur mümkinçiliklere-de eýe bolýarlar. Ýurdymyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini,
başarnyklaryny görkezmek üçin Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara goldawy çäksizdir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeniýet, bilim ojaklary onuň aýdyň nyşanydyr.
Berkerar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary ýurdymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar.
Berkarar Watanymyzyň beýik geljegi üçin okamak, öwrenmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr.
Ýulduz NAZAROWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.