Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün ata Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda alada edip, ýaşlary ylmyň we bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlaryň döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, isleg bildirýän hünärlerini öwrenip, mynasyp kesp-käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnygyny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Bilişimiz ýaly häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir.
Türkmen ýaşlary saýlap alan hünäri boýunça ýurdumyzda hereket edýän orta hünär okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim almak hem-de zähmet endiklerini ösdürmek üçin zerur mümkinçiliklere-de eýe bolýarlar. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda täze iş orunlary döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrýar.
Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunda ýaş türkmenistanlylaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň we doly derejeli, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Häzirki zaman multimedia enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler, sagaldyş we dynç alyş merkezleri ösüp gelýän ýaş nesilleriň ygtyýaryndadyr.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň gözbaşynda Watan hem-de halk barada edilýän çäksiz alada durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalaryna jogap edip, ýaşlary döwrebap terbiýelemek üçin yhlasly zähmet çekýäris.
Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Rahym ÝALKAPOW,
Türkmenabadyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
psihiatriýa we narkalogiýa hünäriniň mugallymy.
