JEMGYÝET

Ýaşlar guramasynyň welaýat neşiri bilen bilelikde yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy hem-de üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi we ýeňijiler yglan edildi.

Bäsleşigiň makalalar ugry boýunça «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň mehanigi, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Möwlam Haýtgulyýew, Köýtendag etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap geňeşiniň baş hünärmeni Erkin Nyýazow degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Humarjan Hasanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Şatlyk Hudaýnazarow we Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy Gülnara Joraýewa bäsleşigiň hekaýalar ugry boýunça degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşigiň goşgular ugry boýunça Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Esen Çaryýew, Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Bazar Şalyýew, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Babanyýaz Böriýew degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: