Ýaşlar guramasy türkmen bedewlerine bagyşlanan duşuşyklary geçirýär
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň, şeýle-de welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda «Owazasy dünýä ýaýran türkmen bedewi» ady bilen geçirilen maslahat hem täsirli, özüne çekiji pursatlara baý boldy.
Maslahatda çykyş edenler ahalteke bedewlerimiziň şöhratynyň ýer ýüzünde barha dabaralanýandygy, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi atlarymyzyň taryhda hem edebi mirasymyzdaky, durmuşymyzdaky orny hakynda, Görogly beg türkmeniň «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, atyny köňül syrdaşy, göwün guşy hasaplandygy barada guwanç bilen belläp geçdiler. Bedewlerimiziň tarypyny ýetirýän çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, ahalteke bedewlerimize bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrdy.