BIZE YAZYARLAR

Ýaşlar gurama bilen jebislikde

      Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek maksady bilen, giň göwrümli işleri, çäreleri durmuşa geçirýär. Köpçülikleýin çäreleriň netijesinde ýaşlarymyz bu gün sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sazlaşykly ösüp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, batly gadamlar bilen ýagty we bagtly geljege barýar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýurdumyzda sporty, bedenterbiýäni has-da öwdürmek, galkyndyrmak ugrunda  Halaç  etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi hem ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmek maksady bilen, etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde dürli sport ýaryşlaryny, bäsleşikleri yzygiderli geçirýär.

          Biziň sport mekdebimizde dürli ýaşdaky oglan-gyzlar tejribeli, ýokary derejeli türgenlerden tälim alýarlar. Olar türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaşýarlar. Türgenleşiklerde berkleşen ýaşlar bilen beýleki etraplaryň ýaş türgenleri bilen bäsleşikleri guraýarys. Ýakynda Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşi bilen bilelikde geçiren „Sagdyn ýaşlar — Watanyň geljegidir!“ atly woleýbol ýaryşymyz örän çekeleşikli geçdi. Oňa etrabymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Bir-birinden erjel ýaşlar bäsleşigiň dowamynda tomusky dynç alyş günlerinde geçirilýän şeýle sport bäsleşikleriň özleriniň medeniýetli dynç almaklary we wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin örän gowudygyny bellediler. Bäsleşigiň netijesinde etrabymyzyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçylary 1-nji, 13-nji orta mekdebiň okuwçylary 2-nji we 24-nji orta mekdebiň okuwçylary bolsa üçinji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we ähli gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.   

         Biz — türgenler türkmen sportyny dünýä tanadan, sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza müň keren alkyş aýdýarys. Sebäbi ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamynda ýetilen ösüş-özgertmeler hakykatdan hem bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ata Watanymyzyň at-abraýyny Arşa göterjek türgenleri taýýarlamak, olara ýokary derejede tälim bermek biz tälimçileriň öňünde durýan mukaddes borç, jogapkärçilikli wezipe. Hut şonuň üçin biz Arkadagly Serdarymyzyň bize bildirýän ynamyny ödemek üçin mundan beýläk-de  yhlasymyzy, gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris we ýaşlaryň beden saglyklaryny berkitmek üçin şeýle sport bäsleşiklerini „Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynyň bütin dowamynda işjeň ýagdaýda geçireris. Goý, işlemäge, ýaşamaga şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!

 Bäşim Kadyrow,

Halaç etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: