BILIM

Ýaşlar – biziň gelejegimiz

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bitirilýän beýik işler türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz geçirýän mejlislerinde ýaşlar we olaryň döwrebap ylym-bilim almaklary ugrunda döwletimizden mundan beýläkde uly işleriň bitirilmelidigi barada aýdýar. Ylym-bilim ulgamynda ýetilýän beýik ýeňişleriň, bilim işgärleriniň kämil, ajaýyp, kaşaň okuw jaýlarynda zähmet çekmekleriniň ugrunda içgin aladalanýan milli Liderimiziň ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Olary ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini dowam etdirjek adamlardygyny ündeýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň egsilmez ykdysady kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky taýsyz aladadan nyşandyr.

Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edepli-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetşmeklerini gazanmak meselesi hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Şeýle aladalaryň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe „Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda“ Türkmenistanyň Kanunynyň, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşda ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen taýýarlanylan, uzak geljege gönükdirilen Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyzyň hem goşandy uludyr.

Ýaşlar ak mekdepleri tamamlap ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar. Şol okuw jaýlarynda bolsa ýaşlaryň geljekde ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekjek kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda bilim işgärleri gujur-gaýratyny, tejribesini gaýgyrmazdan zähmet çekýärler. Sebäbi ýurdy ösdürjek ýaşlardyr. Hut şonuň üçin çaga terbiýesinde hiç kim çetde durmaly däldir. Olary okuwdan daşary geçirilýän goşmaça sapaklar, gurnaklar hem has-da taplaýar. Ýaşlaryň watansöüjiligini, zähmetsöýerligini ösdürmekde geçirilýän sapaklar, gurnaklar hakykatdan hem öwgä mynasyp. Bu ugurda biziň mekdebimizde  hem uly işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň gatnaşmagynda sport bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklary ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Şol bäsleşiklerde bolsa ökde türgenler, şygyrýet älemine gadam basan ýaşlar özleriniň uky-başarnyklaryny görekzip, öwgä mynasyp bolýar. Biz bolsa şeýle ýaşlary sporta çekmekde, olaryň tertipli, başarjak adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda dürli maksatly işleri guraýarys we olary höweslendiriji sowgatlar bilen höweslendirip durýarys. 

Biz – mugallymlar döwrebap derejede zähmet çekmegimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçi köp sagbolsun aýdýarys. Goý, ählimiziň eşretli durmuşda ýaşamagymyz ugrunda gije-gündiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýeti beýik tutumlary elmydama üstünliklere beslensin!!!

Şemşat Rozyýewa,

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: