Ýaşlaryň tomusky dynç alşyny netijeli we guramaçylykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen şu günler geňeşliklerde oba ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle ähmiýetli çärelere oba ýaşululary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, lukmanlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar.
Duşuşyklarda ýaşlaryň tomus möwsüminde jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmeklerini, ýol hereketiniň düzgünlerine eýermeklerini gazanmak boýunça ildeşlerimiziň terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlaryna giň orun berilýär.
Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerini gazanmak, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýýan şahsyýetleri kemala getirmek boýunça
ýurdumyzda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlar raýatlarymyzyň bagtyýar döwrümize buýsanjyny has-da artdyrýar.
Ýaşlar bilen duşuşyklar geçirilýär

12
Jun