JEMGYÝET

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti düşündirildi

Kerki etrap häkimliginiň başlangyç hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň işgärleriniň talyplar bilen duşuşygy geçirildi.

Onda ýakynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada giňişleýin gürrüň edildi. Duşuşykda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hakynda hem durulyp geçildi we Kanunda onuň şöhlelendirilişi beýan edildi. Ösüp gelýän nesliň durmuşda öz ornuny tapmaklary, döwletiň işine, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, telekeçilik bilen meşgullanmaklary, bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikleriň kanuny binýadyny tapandygy barada we beýleki meseleleriň üstünde hem durlup geçildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: