SYÝASAT

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Onuň birinji redaksiýasy 2013-nji ýylyň awgust aýynda kabul edilipdi. Şondan bäri oňa birnäçe gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Kanunyň rejelenen görnüşine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar ýaşlara köptaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge, olara ýurduň döwlet, jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaga, onuň ylmy-tehniki progresine we dünýäniň sanly giňişligine integrirlenmegine giň mümkinçilikleri döretmäge, ýurduň dünýädäki halkara abraýyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: