- ESASY HABARLAR, GIŇDIR DÜNÝÄ, GEŇDIR DÜNÝÄ

ÝAŞAÝYŞYŇ TÄZE OJAGY TAPYLDY

     Ýakynda amerikan alymlary arheolog Maýkl Harroueriň ýolbaşçylygynda Sahara çölüniň günortasynda Efiopiýa döwletiniň çäginde Aksum patyşalygynyň galyndylaryny tapdylar. Alymlaryň pikiriçe, ol biziň eramyzyň 80-nji ýyllaryndan 823-nji ýyla çenli ýaşap,  Afrikada ilkinjileriň biri bolup hristiançylygy kabul eden döwlet. Arheologlar patyşalygyň Beta Samati şäherinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän wagty oňa şaýatlyk edýän  gadymy buthanany tapdylar. Aksum patyşalygy yklymda ilkinjileriň biri bolup öz puluny ýasap, Rim imperiýasy ýaly kuwwatly döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýan döwletdir. Şäheriň çäklerinde şeýle hem gyzyldan, kümüşden we bürünçden ýasalan we beýleki zatlaryň galyndylary tapyldy, Alymlaryň çaklamalaryna görä, Aksum patyşalygynyň synmagyna goňşyçylykda dörän yslam döwleti sebap bolupdyr.

                         (Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                           Taýýarlan Allaýar ORAZOW.