BIZE YAZYARLAR

Ýaşaýşyň dirilik çeşmesi

Suw – biziň dirilik çeşmämiz. Suw – ýaşaýşymyzyň gözbaşy. Suwsuz durmuş
ýokdur.
Alymlaryň aýtmagyna görä, suw adamyň sesini eşidip, keşbini görüp bilýän
eken. Biz suw hakda ýaramaz gürrüň etsek, suwuň düzümindäki maýdajyk
kristallar bulam-bujar keşbe girip, gowy gürrüň edilse, owadan şekile geçýän
eken. «Bismilla» diýip içilen suw hem gaty owadan gülüň keşbine öwrülýär.
Muny ýörite tejribeleriň üsti bilen barlap, suratyny hem düşüripdirler.
Pespällik, sadalyk – suwuň iň halaýan zady. Şu bilen baglanyşykly ýaşulylardan
eşiden bir rowaýatym ýadyma düşdi.
Bir gezek uzak saparlaryň birinde bir atly çarwa çölde azaşypdyr. Ol eýläk-beýläk näçe atyny çapdyrsa-da, gelen ýoluny – yzyny tapyp bilmändir. Ol halys suwsap, dodagy ýarylara gelipdir. Aty bilen uzakly günläp surnugansoň, bir beýik depäniň üstüne çykyp, umytsyz halda galyberipdir. Şol barmana ol goýunlaryny sürüp gelýän bir çopana gözi kaklyşyp, şeýle bir begenipdir. Ol atyny ýüzin çapdyryp, barypdyr bärden:                                                                                                                    — Essalawmaleýkim, eý, çopan aga! Maňa bir owurtlar ýaly suw berseňizläň!
Çopan:
— Atyňdan bir düş ahyry, suwy pespällik bilen sora — diýipdir. — Suwy sadyklyk hem-de kiçigöwünlik bilen içmelisiň — diýip, ony atyndan düşüripdir.
Mähriban Watanymyzyň derýalarynyň, deňizdir kölleriniň tebigatymyzyň
gözelleşmeginde, daşky gurşawymyzyň ajaýyp görke gelmeginde, ýaşaýyş-
durmuşymyzda, dürli görnüşli miwe we gyrymsy baglary, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, tebigy baýlyklarymyzy has-da artdyrmakda ähmiýeti bimöçberdir.

Ogulgerek BABAJANOWA,
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: