Halaç etrabynyň 3-nji sport mekdebinde küşt boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.

Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşi we etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilelikde guradylar. Ýaryşa etrabyň orta mekdeplerinde okaýan kiçi ýaşly okuwçylar gatnaşdylar. 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Baýram Meredow hemmelerden köp utuk toplap, birinji orna mynasyp boldy. 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Yhlas Şirow ikinji, 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Rahman Kemalow bolsa üçünji orny eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: