Türkmenistanyň sungat bilim ulgamynda diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem ýaşlaryň ruhy dünýäsini kemala getirýän mugallymlar aýratyn orna eýedir. Şeýle halypalaryň biri hem Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor dirižýorlygy bölüminiň mugallymy Muhtarkuly Musaýewdir.
Musaýew Muhtarkuly ýokary bilimli hünärmen hökmünde ömrüni sungata we mugallymçylyk ýoluna bagyşlap gelýär. Ol 1989-njy ýylda M.Aşrafi adyndaky Daşkent döwlet konserwatoriýasynyň hor dirižýorlygy bölümüni üstünlikli tamamlap, hor dirižýory we mugallymy hünärini aldy. Şeýle-de bolsa, onuň mugallymçylyk işi 1987-nji ýylda başlanyp, şol ýyldan bäri Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde zähmet çekip gelýär. Muhtarkuly Musaýew köp ýyllaryň dowamynda ýokary derejeli mugallym hökmünde özüni tanatdy. Ol talyplara diňe bir hünär öwretmek bilen çäklenmän, olarda sungata söýgi, milli gymmatlyklara hormat we döredijilikli pikirlenmek endiklerini ösdürýär. Onuň sapaklary mazmunlylygy, usuly taýdan takyklygy we terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar.
Mugallymyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri hem talyplary hünär döredijilik bäsleşiklerine taýýarlamakdyr. Onuň taýýarlan şägirtleri her ýyl geçirilýän döwlet we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanýarlar. 2014-nji ýylda B.Seýitnazarowa diploma, 2020-nji ýylda S. Ýagşymyradowa II derejeli diploma mynasyp boldy. 2023-nji ýylda “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşikde “Hor dirižýorlygy” hünäri boýunça Selbi Aýmyradowa I derejeli diploma mynasyp boldy. 2024-nji ýylda şol bäsleşikde Suray Gurbanmyradowa hem I derejeli diploma eýe boldy. 2025-nji ýylda “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşikde “Hor dirižýorlygy” hünäri boýunça Nuryagdyýewa Maýa II derejeli diploma mynasyp boldy. 2026-njy ýylda “Ýaşlyk joşguny” bäsleşiginde Seýitbaýewa Adalat “Hor dirižýorlygy” hünäri boýunça II derejeli diploma eýe boldy. Bu üstünlikler mugallymyň ýokary pedagogik ussatlygynyň we talyplaryň döredijilik ukybyny ösdürmekdäki uly hyzmatynyň aýdyň subutnamasydyr.
Muhtarkuly Musaýew köpýyllyk zähmeti üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan birnäçe gezek “Hormat hatlary” bilen sylaglandy. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredilmeginiň 40 ýyllygy we 50 ýyllygy mynasybetli dabarada halypanyň zähmeti aýratyn bellenildi.
Pedagogik iş bilen bir hatarda, ol ylmy-usulyýet işlerine hem işjeň gatnaşýar. Onuň onlarça okuw maksatnamalary we gollanmalary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan çap edildi. Şolaryň arasynda “Horuň aranjirówkasy”, “Hor klasy”, “Hor klasy tejribeligi”, “Dirižýorçylyk apparatynyň üstünde işlemek”, şeýle hem “Auftakt” barada okuw gollanmasy aýratyn orun tutýar. Mundan başga-da, ol hor üçin birnäçe türkmen halk aýdymlaryny we görnükli kompozitorlaryň eserlerini täzeden işläp, olaryň ýerine ýetirilişine täze öwüşgin berdi.
Musaýew Muhtarkulynyň baý tejribesi, ýokary hünär derejesi we adamkärçilik häsiýetleri ony kärdeşleriniň we şägirtleriniň arasynda uly hormata mynasyp edýär. Ol häzirki wagtda hem öz işini uly jogapkärçilik bilen dowam etdirip, döwrebap talaplara laýyklykda ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde uly goşant goşýar.
Gülnabat JUMAKOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

