“Ýaş zehin” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda geçiriljek “Ýaş zehin” atly bäsleşigi ýurdumyzda saz sungatyna höwesli, başarjaň we zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça okuwlaryny dowam etdirmek, döredijilige höweslendirmek, professional ýerine ýetirijilik ukybyny ösdürmek maksady bilen geçirilýär.
Düzgünnama laýyklykda “Ýaş zehin” atly bäsleşik Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebi tarapyndan geçirilýär.
Bäsleşige saz gurallarynda ýerine ýetirijilik, aýdym aýtmak, bagşyçylyk we horeografiýa ugurlaryndan çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerini 2024-2025- nji okuw ýylynda tamamlaýan
we ozal tamamlan uçurymlar , şeýle hem bäsleşigiň “Aýdym aýtmak sungaty” we “Horeografiýa sungaty” ugurlaryna bolsa umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary bolan zehinli ýaşlar hem gatnaşyp bilerler.
Gülnisa IRGAŞOWA,
Köýtendag etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.