Ýaş nesil dünýä mukamlaryny özleşdirýär
Ýurdumyzda hereket edýän sungat ugurly bilim ojaklarynda ýaşlara milli saz gurallarymyz bilen bilelikde dünýäniň saz sungatynyň görnükli gurallary hem içgin öwredilýär. Bu däp welaýatymyzdaky Ýörite sungat mekdebinde hem dowam etdirilip, ýaşlara üflenip çalynýan, kirişli saz gurallary bilen bilelikde foterpiano hünäri hem berilýär.
Men birnäçe ýyllap Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde ýaşlara foretpiano boýunça bilim berdim. Häzirki wagtda hem bu işi bu saz guralyna höwesek çagalar bilen dowam etdirýärin. Çagalarymyzyň juda ukyplylygy, olaryň öwredilen endikleri dessine özleşdirýändigi bilim işgäri hökmünde diýseň begendirýär.
Fortepiano saz guralynyň ýüzýyllyklara uzaýan taryhy bar. Hut, şu saz guralynyň esasynda dünýä belli kompozitorlar dünýä belli eserleri döredipdirler. Olaryň arasynda türkmen kompozitorlarynyň hem orny diýseň uly. Biz bu günki gün olaryň döreden eserlerini uly höwes bilen öwrenýäris we ýaş nesillere ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz ylhamyndan dörän eserler bolsa hemişe biziň aýdym-saz gaznamyzyň iň gymmatly eserleri.
Biz ― bilim we sungat işgärleri, ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek babatynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, döwletli Diýarymyzda toýlar uludan tutulyp, olarda aýdym-sazyň owazy belent ýaňlanyp dursun!
Gülaram DURDYÝEWA,
Saýat etrabynyň Sakar şäheri, fortepiano mugallymy.