Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, ruhubelent hem-de bilimli bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunda mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň terbiýesine aýratyn üns berilýär. Çagalar bakja-baglarynda döwrebap şertleriň döredilmegi, terbiýeçilik işleriniň täze usullar arkaly alnyp barylmagy, çagalaryň zehinini we ukyp-başarnygyny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesliň sazlaşykly ösüşine hyzmat edýär. Biz hem öz bakja-bagymyzda körpeleriň hemmetaraplaýyn terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarys.
Häzirki wagtda çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olaryň jemgyýetçilik endiklerini kemala getirmek, milli däplerimize we umumadamzat gymmatlyklaryna söýgi ruhunda terbiýelemek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Terbiýeçilerimiz dürli oýunlar, saz-söhbet çäreleri, sport maşklary arkaly körpeleriň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegine ýardam berýärler. Biz mekdebe çenli bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.
Gülçehra HUDAÝKULIÝEWA,
Çärjew etrabynyň 9-njy çagalar-bakja bagynyň müdiri.

