TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýaş meýletinçiler bilen maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň guramagynda Ýaş meýletinçileriň arasynda ýokanç kesellere garşy göreş, arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda lukmandan deslapky ilkinji kömegini bermek barada okuw maslahaty guraldy. Bu barada «Türkmenistan sport 7/24» Halkara žurnalynyň elektron goşundysy habar berýär.

Sanly ulgam arkaly geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik işlerine jogapkär hünärmenleri, işjeň talyplar gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: