DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaş hünärmen bolsaň, Hytaýa ýol açyk!

1-nji oktýabrdan başlap Hytaýda ýaş daşary ýurtly ylym we tehnologiýa boýunça hünärmenler üçin niýetlenen täze “K” kategoriýaly wiza güýje girer diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
— Hytaýly we daşary ýurtly ýaş ylmy-tehniki hünärmenleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, hytaý tarapy adaty wizalaryň görnüşleriniň arasynda täze görnüşi — ylym-tehnologiýa ugry boýunçaýaş hünärmenler üçin “K” kategoriýaly wiza girizmek kararyna geldi — diýip, ministrligiň metbugat sekretary Go Jiaýun geçirilen brifingde belläp geçdi.
Häzirki bar bolan 12 görnüşdäki adaty wizadan tapawutlylykda, täze wiza has köp giriş rugsadyny, has uzak möhletde ýurtda galmaga mümkinçilik berýär.