Ýaňy-ýakynda Darganata etrabynyň 6-njy orta mekdebinde Himiýa dersine bagyşlanyp “Ýaş talantly himikler” ady bilen himiýa hepdeligi gurnaldy. Hepdeligiň ilkinji gününde mekdep direktorynyň, mugallymlaryň, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda hepdeligiň açylyş dabarasy guraldy. Açylyş dabaranyň dowamy Ylmy-amaly okuwlar, maslahatlar bilen dowam etdirildi. Maslahatda gatnaşan mugallymlar , mekdep okuwçylary we myhmanlar gyzykly çykyşlary etdiler.
Himiýa hepdeliginiň ikinji gününde “Himiki elementleri ýazmak” boýunça bäsleşikler guraldy. Başleşige gatnaşyjylara we ýeňijilere gymmat bahaly, ýatda galyjy sowgatlar gowşulydy. Hepdeligiň üçünji günde okuwçylaryň durmuşy bilen bagly bolup mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde degişme sahnalary görkezildi. Degişme sahnalarynyň ýerine ýetirilişi, himiýa bilen bagly, gyzykly temalarda bolmagy bolsa hepdeligiň şowhunyny has-da artdyrdy. Hepdeligiň indiki günlerinde bolsa Himiýa dersine degişli sorag-jogap bäsleşiginiň geçirilmegi ýaşlarda derse bolan söýgüni has hem güýçlendirdi.
Himiýe dersine degişli guralan sergi 1 hepdäniň dowamynda orta mekdebiň okuwçylarynyň “gyzyklanma burçyna” öwrüldi. Hepdeligiň soňky güni bolsa mekdebiň 11-nji synp okuwçylarynyň gurnamagynda himiki reaksiýalar boýunça görkezme çykyşlary has hem täsirli boldy. Bu bolsa okuwçylaryň öwrenen nazary bilimlerini tejribe üstinde synlamagyna gowy mümkinçilik boldy. Hepdeligiň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň ählisi mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň we hepdelige gatnaşanlaryň “Himiýa” dersine bolan söýgüsini has hem artdyrdy.
Bossan SEÝITMYRADOWA,
Darganata etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň himiýa mugallymy.

