Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny pugtalandyrmak, gümrük edaralarynyň işini döwrebap derejede guramak, bu ugurda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýaş harby gullukçylara okuw güwänamalarynyň gowşurylmagy we olara ilkinji ofiser harby atlarynyň dakylmagy hem şu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli işleriň aýdyň netijesidir.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýaş harby gullukçylaryň hünär taýýarlyk okuwlary iki aý möhlet bilen geçirildi. Nobatdaky okuw tapgyry şu ýylyň 2-nji martyndan 2-nji maýyna çenli dowam etdi. Bu döwürde ýaş harby gullukçylar hünär we harby taýýarlyk boýunça ýöriteleşdirilen sapaklara gatnaşdylar. Okuwlaryň mazmuny gümrük işiniň esasy ugurlaryny, gulluk düzgün-tertiplerini, harby taýýarlygyň zerur talaplaryny öz içine aldy.
Ýaş harby gullukçylara halypa gümrük işgärleri tarapyndan gümrük işiniň dürli ugurlary boýunça sapaklar geçirildi. Olar nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmak maksady bilen dürli gümrük nokatlarynda, şeýle hem Halkara gümrük terminalynda ornaşdyrylan barlag-rentgen enjamlarynyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Munuň özi ýaş harby gullukçylaryň alan bilimlerini amaly işde berkitmegine, gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryna düşünmegine giň mümkinçilik döretdi.
Okuw tapgyrynyň netijeleri boýunça ýaş harby gullukçylar hünär synaglaryndan üstünlikli geçdiler. Olara okuw güwänamalarynyň gowşurylmagy we ilkinji ofiser harby atlarynyň dakylmagy olaryň gulluk ýolundaky möhüm ädimleriň biridir. Bu waka ýaş harby gullukçylaryň saýlap alan hünärine bolan buýsanjyny, Watana wepaly gulluk etmäge bolan ynamyny has-da artdyrdy.
Dabarada ýaş harby gullukçylar wepadarlyk kasamyny belent ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Olar ata Watanymyza, ene topragymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramak ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary hökmünde biz hem ýaş hünärmenleriň taýýarlygyna uly ähmiýet berilmegini gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmegiň möhüm şerti hasaplaýarys. Çünki döwrebap bilimli, hünärine ökde, düzgün-nyzamly we watansöýüji harby gullukçylar ýurdumyzyň gümrük serhetlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýaş harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlanylmagy, olaryň nazary bilimleriniň tejribe bilen berkidilmegi hem-de gulluk borjuna jogapkärçilikli çemeleşmegi ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky işler geljekde hem gümrük edaralarynyň hünärli işgärler bilen üpjün edilmegine, gümrük gözegçiliginiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna hyzmat eder.
Serdar AGAJANOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

