Ýaş bagşylar bäsleşdi
Biziň sungat we bilim ojagymyzyň ― Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň bagşylar topary welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy.
«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşige müdirligiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň ählisi gatnaşdy. Üstümizdäki ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen bäsleşige welaýat ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymlary Gurbandurdy Öwezow, Timur Atakow we Mährem Jumaýew dagylar eminlik etdiler.
Bäsleşikde biziň mekdebimiziň tejribeli mugallym Nargiza Agaýewanyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar topary baş baýraga mynasyp boldy. Topar bäsleşikde Ýagmyr Nurgeldiýewiň sazyna we Allanur Çarydurdyýewiň sözlerine döredilen «Pyragy», Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Mätäç eýleme!» we Myratgeldi Rahymowyň sazyna hem-de Agamyrat Soltanowyň sözlerine döredilen «Bagtyýar zamanaň bagşylary biz» atly aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşikde birinji orny Türkmenabat şäherindäki 2-nji, ikinji orny Kerki etrabyndaky we Saýat etrabynyň Garabekewül şäherindäki, üçünji orny bolsa Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdepleriniň toparlary eýelediler.
Aýna AMANDURDYÝEWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.