Ýaryşda ýeňilme
Päsgelçilikden ylgap geçmek boýunça ozalky Olimpiýa çempiony Geýl Dewers diýen gyz tötänlikde iň soňky päsgelçilikde büdüräp ýykylýar. Ýüz müň tomaşaçynyň öňünde ilkinji bolup ylgap barýarkaň ýykylmak, öz eliň bilen birinjiligi başga kişä bermek nähili agyrdyr. Geýl gaty ýykylýar, birinjilik elden gidýär, ýöne ol erjelligi elden bermän soňky bäş metri bagry bilen süýşüp, bäşinji bolup barýar. Ýüz müň tomaşaçy bu erjel gyza dik durup el çarpýar.
Dört ýüz metr aralyga ylgaýan ýüwrükleriň ýaryşy başlanýar. Hemişe diýen ýaly birinjiligi elden bermän ýören iňlis türgeni gaty janyna jebir edip ylgan bolmaly, ol pellahana golaýlaberende dyzynyň siňir damaryny ýolupdyr, ol ylgawynyň badyna tüwdürilip gidýär. Öň hatarda oglunyň ýyndamlygyna tomaşa edip oturan kakasy ylgap baryp ony ýaryşdan çykarjak bolýar, emma ogly kakasyna söýenip, pellahana çenli ýeke aýakda likgildäp böküp barýar. Bütin sport toplumynyň mähellesi türgeniň erjelligine dik durup el çarpyp, sarpa goýýarlar.
Erjellik, yhlas adamy maksadyna, uly-uly derejelere ýetirýar. Erjellik – üstünligiň açary.
Bäsleşiklerde tälimçiler, ýaryşa gatnaşýanlaryň hemmesi ýeňijidir. Ýaryşda birinji bolup, Baş baýragy biri alýar, ýöne beýlekiler bedenine saglyk, görmegeýlik, berdaşlylyk alýar.
Durmuş hem ýaryş. Her kim ol ýaryşda özüni açýar, zehinini açýar.
Dünýäniň tüpeňde ok atmakda ençeme gezek çempiony Marat Nyýazow Olimpiýadadaky ýeňşe çenli näçe müň ýola tüpeň atandyr, näçe müň ýola oky pys geçip, özüni iýendir.
Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň «Gelinler» aýdymyny diňläniňizde, onuň aýdymy ýerine ýetirşindäki ussatlygyna haýranlar galýansyňyz, ýöne ol şol ussatlyga çenli näçe müň ýola aýdym aýtmaly bolandyr?
Her kim durmuşda nähili ugry saýlap alan bolsaň, şol ugur boýunça-da ýaryşa girýär. Durmuşyň ýaryşy ýüwrükleriň ýaryşy ýaly sapança atylyp başlanmaýar, pellehanada soňlanmaýar. Durmuş üçin göreşiň emini ynsabyň, tomaşaçysy halk. Durmuş ýaryşynda çynyňy edip göreşýän bolsaň, öýüňem abadandyr, uzadan ýeriňe eliňem ýetip durandyr, iliň içinde abraýyňam bardyr.
Azamat Serdarkulyýew,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.