Darganata şäheriniň ýaşaýjysy, baýry bilim işgäri Amansoltan Kazakowa 49 ýyl bäri mugallym bolup zähmet çekýär. Ol esasy işiniň daşyndan ýaş gelin-gyzlara türkmen halkynyň gadymy milli mirasy bolan keçe taýýarlamak senediniň tilsimlerini öwredýär. Halypa mugallym keçe taýýarlamak üçin gerek bolan gamyş, ýüň, dürli boýaglar, nagyş salmak hem-de keçe basmak usullary barada okuw geçýär.
Amansoltan Kazakowanyň başlangyjy bilen mekdepde muzeý döredildi. Onda keçe önümleriniň dürli görnüşleri, haly-palasdyr kilimler, küýzeler, agaçdan we daşdan ýasalan gap-gaçlar, soky, mis kündükler ýerleşdirildi. Şeýle hem muzeý Darganata galasynyň taryhyna degişli maglumatlar bilen baýlaşdyryldy.
Ýarym asyrlyk mugallym işleýän mekdebinde muzeý döretdi
26
Feb

