MEDENIÝET

Ýaponiýanyň sungat işgärleri mekdep okuwçylary bilen duşuşdylar

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomaik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ikinji güni Günüň dogýan ýurdundan gelen artistleriň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebindäki duşuşykdan başlandy.
Bu mekdepde 2016—2017-nji okuw ýylyndan bäri ýapon dilinden sapak berilýär. Ýokary synp okuwçylary bu dili ýeterlik derejede gowy bilýärler, şonuň üçin hem myhmanlaryň gürrüňine gowy düşündiler.
Duşuşykda sazanda Katsumu Matsumoto sýamisen we fukukumi saz gurallarynyň döreýşi we görnüşleri barada gürrüň berdi we birnäçe sazlary ýerine ýetirip görkezdi. Halk aýdymlaryny ýerine ýetiriji Ýosiko Matsumotonyň çykyşyny hem el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Ol «Ülje agajy gülledimikä?» diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Çiho Komatsu bolsa aýdymy tans bilen bezedi. Biraz soňurak Çiho Komatsu ýapon tansyny ýerine ýetiren okuwçylar bilen gysga tans sapagyny geçdi we olara birnäçe elementleri öwretdi hem-de maslahatalryny berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: