DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaponiýada ýalňyzlaryň işi boýunça ministriň wezipesini döretdiler

Şu ýyl Ýaponiýada ýalňyzlaryň işi boýunça ministriň wezipesini döretdiler. Bu wezipäni Tesusi Sakamoto eýeledi. Syýasatçy «Российская газета»-nyň habarçysy bilen eden söhbetdeşliginde Günüň dogýan Ýurdunda ýalňyz ildeşlerine nähili kömek berjekdikleri we näme üçin bu meseläniň hut häzir ýüze çykandygy barada gürrüň berdi.

Tesusi Sakamoto şeýle diýdi:

— Biz ýalňyzlyk we üzňelik bilen bilen göreşmek boýunça çärelere jogap berýän seksiýa döretdik. Edarada hemişelik alty hünärmen işleýär. Olardan başga-da, ministrlikde bu wezipeleri beýleki işleri bilen utgaşdyryp alyp barýan adamlar hem bar. Olar 25 adamdan ybarat. Mysal üçin, garramagyň meseleleri bilen ýurduň saglygy goraýyş, zähmet we durmuş abadançylygy ministrligi meşgullanýar. Garrylaryň ýekeligi bilen saglygy goraýyş ministrligi meşgullanýar, ol özlerini janyna kast edýänlere hem seredýär. Başlangyç, orta we ýokary synp okuwçylary hem-de talyplar bilen bilim ministrligi iş alyp barýar. Ýeke ýaşaýan we jaýa mätäç adamlar bar. Olar bilen döwlet ýer, infragurluşyk, ulag we syýahatçylyk ministrligi meşgullanýar. Şonuň ýaly-da, Çagalaryň garyplygy meselesi bilen ministrler kabinetiniň administrasiýasy meşgullanýar. Häzir köp ýerlerde bu mesele bilen göreşmek üçin köp işler alnyp barylýar. Ýalňyzlyk bilen göreşmek boýunça bölümde 31 adam bar, olar bu meseläni gözegçilikde saklaýarlar, beýleki edaralar bilen işleri sazlaýarlar we gurluşyň üstüne ýüklenen wezipeleri çözmegiň umumy çözgütlerini işläp taýýarlaýarlar.

Ýalňyzlaryň işi boýunça ministr Tesusi Sakamoto bilen söhbetdeşlik «Российская газета»-da dolulygyna çap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: