31-nji ýanwarda Tokiodaky Milli sungat merkezinde mekdep okuwçylarynyň çeken suratlaryndan ybarat bolan «Serhetsiz sungat» atly sergä gatnaşyjylara minnetdarlyk şahadatnamalaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Sergi 22-nji ýanwar — 1-nji fewral aralygynda dowam etdi we ol «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýeti hem-de «SUMI» Halkara assosiasiýasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Bu sergä Türkmenistanyň zehinli okuwçylarynyň 26-sy gatnaşdy. Olaryň çeken suratlary Türkmenistana bagyşlanan aýratyn diwarlykda görkezildi.
Jemleýji dabara Ýaponiýada akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýetiniň, «SUMI» Halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, meşhur suratkeşler we sergä gelen myhmanlar gatnaşdylar.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda habar berlişine görä, sergä gatnaşan ähli mekdep okuwçylaryna minnetdarlyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Ýaponiýada türkmen okuwçylarynyň çeken suratlary görkezildi
02
Feb
