DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaponiýada pişik bir günlük polisiýa uçastogyna ýolbaşçylyk etdi

«Российская газета»-nyň ýazmagyna görä, Ýaponiýanyň Toýama şäherinde pişik bir günlük polisiýa uçastogynda ýolbaşçy goýlupdyr. Bu waka sebäpli pişige toý eşigini, goýy mawy reňkli papak geýdiripdirler, polisiýa eşiginiň daşyndan bil guşagyň şekilini we koburanyň suratyny çekipdirler. Dabara pişigiň hojaýyny hem gatnaşypdyr.
Koko atly öý haýwany hukuk goraýjy edaranyň işgärleriniň arasynda hormatdan peýdalanýar. Geçen ýylyň iýunynda ol tasdan ölen gartaşan ýapon bilen bolan wakanyň şaýady bolupdyr. Erkek adam nämedir bir sebäbe görä suwaryş akabasyna gaçypdyr. Eger şol wagt ony pişik görmedik bolsa, betbagtçylyk boljak eken.
Koko betbagtçylyk bolan ýere ünsli seredip durupdyr. Haýwanyň özüni adaty bolmadyk alyp barşyna ýakynda ýaşaýan aýallaryň biri üns beripdir. Netijede ol suwda ýatan adamy görüpdir. Şeýdip, pişigiň we biparh garamadyk adamlaryň kömegi bilen ol halas edilipdir.
Kokony ýol hereketiniň howpsuzlygy bellenilýän günde polisiýa uçastogyna ýolbaşçy bellediler. Şol sebäpli ony mekdeplerde ýol hereketiniň düzgünleri öwredilýän sapaklara alyp bardylar.

 

Leave a Reply