DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaponiýada kämillik ýaşyny 18 ýaşa çenli peseltdiler

Soňky 140 ýylyň dowamynda Ýaponiýanyň hökümeti kämillik ýaşyny 18 ýaşa çenli peseltdiler. Bu barada Ýaponiýanyň ýustisiýa ministrligine salgylanmak bilen, «Japan Times» habar berýär, diýip, «mail.ru» ýazýar.

Raýat kodeksindäki şu gezekki özgertmelere çenli bu ýurtda 20 ýaşda kämillik ýaşyna ýeten hasap edilýärdi.

Kanuna girizilen üýtgetmeler güýje girenden soň 18 ýaşa ýeten ýapon ýaşlary ene-atalarynyň razylygyny almazdan, ýuridiki şertnamalary we geleşikleri baglaşmaga hukukly bolarlar. Ol öz içine mobil telefonlary satyn almagy, ulag satyn almak üçin karz we kredit kartlary almagy, jaýlary kärendesine almaga şertnama gol çekmegi alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: