DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaponiýada geljegiň şäheri gurulýar

Ýaponiýada Fudzi dagynyň eteginde bina edilýän geljegiň şäheriniň gurluşyk işleriniň şu ýyl tamamlanylmagyna garaşylýar.

2021-nji ýylda durmuşa geçirilip başlanan bu taslama dünýä meşhur «Toyota» awtoulag öndüriji kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. «Woven City» diýlip atlandyrylýan geljegiň şäherinde robotlaryň hyzmatyndan, emeli aňyň we sürüjisiz ulaglaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylar.

Şäherdäki «akylly» öýlerde ornaşdyrylýan kämil enjamlaryň üsti bilen ýaşaýjylaryň gündelik zerurlyklary awtomatiki usulda ýerine ýetiriler. Jaýlaryň gurluşygynda bolsa, esasan, agaç önümlerinden peýdalanylýar.

Taslama laýyklykda 70,8 gektar meýdany eýeleýän bu şäherde ilkibaşda 360 adamyň ýaşamagy göz öňünde tutulan hem bolsa, soňy bilen onuň ilatynyň sanyny 2000-e ýetirmek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: