DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýapon hökümetinden çäklendirmeler

Ýaponiýanyň hökümeti daşary ýurt raýatlarynyň ýurda girmegini wagtlaýyn gadagan etdi. Bu gadaganlyk 2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda güýje girdi we ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam eder .
Bu döwürde ýurda diňe Ýaponiýanyň öz raýatlary bilen bu ýerde uzak möhletleýin wiza bilen ýaşaýan daşary ýurtlular girip biler.
Bu gadaganlygyň sebäbi hökmünde dünýä döwletleriniň birnäçesinde koronowirusyň täze akymynyň ýüze çykmagy bilen bagly ýagdaýlar görkezilýär.
Ýaponiýanyň 2021-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryny hem kabul etjekdigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply