YLYM WE TEHNIKA

Ýapon alymy iýmitiň tagamyny berýän telewizor oýlap tapdy

Tokiýonyň Meýdzi uniwersitetiniň professory Homeý Miýasita eger ýalasaň, tagam berýän telewizoryň ekranyny döretdi. Bu oýlap tapyjynyň arzuw edýän multisensor (has duýgur) telewizoryna tarap eden ilkinji ädimidir, diýip, «mail.ru» ýazýar.

Eger telewizorda şokolad görkezseler, ekranyň ýüzündäki aňyrsy görünýän plýonkanyň üstünde süýji tagamly suwuklygyň damjalary peýda bolýar. Pissa, doňdurma, et we beýleki iýmitler bilen hem şeýle bolup geçýär.

Miýasita anyk iýmitiň tagamyny döretmek üçin belli bir mukdarda sepilýan aromatizatorly (ys berijili) ballonjagazlary ulanýar. Maşyn iýmitiň 20 görnüşiniň tagamyny döredip bilýär.

Uniwersitetiň talyplary oýlap tapylan telewizory synagdan geçirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: