Ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ilkinji iki aýynda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli
ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar.
Bu döwürde jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 3,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň geçen iki aýynda ýurtda gazanylan makroykdysady görkezijiler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.