MEDENIÝET

«Ýaňlan, Diýarymyň» Lebap welaýaty boýunça ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki baýramçylyk meýdançasynda geçen bäsleşige etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan 10 zehinli ýaş gatnaşdy. Ýaş aýdymçylar milli sungatyň baý mirasyny we häzirki döwri wasp edýän eserleri ýerine ýetirdiler.
Bäsleşik sungat muşdaklarynyň ruhuny galkyndyryp, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga mümkinçilik berdi.
Eminler ýaş ýerine ýetirijileriň sahnadaky çykyşlaryna, saýlap alan aýdymlaryna we ýerine ýetirijilik ussatlygyna baha berdiler. Netijede, Darganata etrabynyň medeniýet merkezinden Durdymyrat Abdullaýew hem-de Saýat etrabynyň medeniýet merkezinden Resul Guwanjow ýeňijiler hökmünde yglan edilip, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we beýleki gatnaşyjylara gül desseleri we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşik, «Ýaňlan, Diýarym!» aýdymy bilen jemlenip, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşnama hökmünde ýaňlandy.