Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Jul 19, 2021

Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän çärä bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.

Emin agzalary Saýat etrap medeniýet merkeziniň artisti Alym Taýyrowy we şu etrabyň ýaşaýjysy Babajan Rozyewi bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etdiler. Olar bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.